Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi

10:2825.01.2020
0
9652

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda:

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda çykaran kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk;

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler;

gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler;

Балканский, Дашогузский, Лебапский мы Мары велаятларынды ýолагчи awtomenzillini Гурмак бойунса алнып барилян Ишлер;

ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça görülýän çäreler, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän we eksport ugurly önümçilikleri giňeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler;

milli ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynyň işi;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini kämilleşdirmek, bu okuw edarasynda bilimiň hilini gowulandyrmak hem-de işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

14-nji ýanwarda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň eden taryhy çykyşynda kesgitlenilen wezipelere laýyklykda işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasy;

oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda amala aşyrylýan meýdan işleri;

şu ýylyň 28-nji ýanwarynda sebitiň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde Berlin şäherinde geçiriljek «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk;

3-nji fewralda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda geçiriljek «C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyna görülýän taýýarlyk;

ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri baradaky meselelere seredildi.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň