Aşgabatda halkara fotosergi we maslahat geçiriler

17:2724.01.2020
0
645

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýerli hem-de daşary ýurtlaryň suratçylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda gol çeken «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 13-14-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergisini we maslahaty geçirer.

«Edebiýat we sungat» gazetinde berilýän bildirişde aýdylyşy ýaly, sergä dürli ölçegdäki fotosuratlar hödürlenip bilner. Halkara fotosergisine gatnaşmaga isleg bildirýänler hödürleýän fotosuratlarynyň ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary hem goşmalydyrlar (Familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, ýurdy, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgileri).

Halkara fotosergisine hödürlenilýän fotosuratlar şu ýylyň 15-nji apreline çenli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-72-93, 92-11-87, 92-67-52.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň