Soňky habarlar

Arhiw

«Euronews» türkmen telewideniýesi bilen hyzmatdaşlyga taýýar

17:1324.01.2020
0
964

Diňe bir Ýewropanyň däl, dünýäniň iň meşhur teleýaýlymlarynyň biri bolan «Euronews» habarlar ýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda ýaýlymyň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetini bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändiklerini aýtdy:

— Ilki bilen, siziň gürrü­ňi edilýän döwlet komiteti­ňiziň binagärlik gurluşy babatda-da, tehnologik üpjünçiligi babatda-da, ýaýlyma çykmak üçin döredilen mümkinçilikler babatda-da juda ajaýypdygyny aýdasym gelýär. Bu ýerde oturdylan tehnologiýalar entek köp döwletlerde ýokdur. Olar arkaly gepleşikleriň, habarlaryň islendik görnüşini bökdençsiz ýaýlyma bermek mümkin. Bu zatlar ýurdu­ňyzda habar beriş serişdeleriniň işine neneň­si ýokary ähmiýet berilýändigini aýan edýär. Biziň teleýaýlymymyz dünýäniň 160 ýurdunda 13 dilde gepleşikleriň ýaýlyma berilmegini ýola goýdy. Bu, elbetde, aň­sat iş däl, şonuň bilen bir wagtyň özünde-de biziň üçin uly tejribe bolup durýar. Biz öz tejribämizi türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen paýlaşmaga, habarlar ýaýratmak meselesinde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Geljekde teleradioýaýlymlar ulgamynda öň­debaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly, habarlar gepleşiklerini taýýarlamak, özara tejribe alyşmak we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçiligimiz bar. Bu mümkinçiliklerden iki tarapyň hem ýerlikli peýdalanjakdygyna ynanýaryn ― diýip, myhman gazetiň habarçysynyň sowalyna jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň