Soňky habarlar

Arhiw

«Euronews» Türkmenistanda boljak halkara sport ýaryşlaryny dünýä ýaýmaga gatnaşar

17:0724.01.2020
0
790

Diňe bir Ýewropanyň däl, dünýäniň iň meşhur teleýaýlymlarynyň biri bolan «Euronews» habarlar ýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda ýaýlymyň şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda bolup geçjek halkara sport ýaryşlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga gatnaşjakdygyny aýtdy.

— Biz Aşgabatda geçiren duşuşyklarymyzda bu babatda hem gi­ňişleýin pikir alyşdyk. «Sport parahatçylygyň ilçisi» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Bu gün Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän ýurduna öwrülýär. Dünýäde sportuň tomaşaçysy bolsa, diýseň kän. Onso­ňam, ol di­ňe bir bäsleşik bolman, eýsem, ýurda syýahatçylary çekmegiň, döwletiň ösüşlerini, taryhyny, medeniýetini mahabatlandyrmagyň hem özboluşly görnüşidir. Içerki bazaryň söwda dolanyşygyny artdyrmagyň altyn açarydyr. Şonuň üçin hem biz gürrü­ňi edilýän halkara sport ýaryşlary, şeýle-de medeniýet we taryh bilen bagly materiallaryň taýýarlanylmagy boýunça tejribeleri alyşmagyň mümkinçilikleri dogrusynda hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýarys. Bular dogrusynda «Euronews» habarlar teleýaýlymynda beriljek habarlardyr beýleki materiallar dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ýene bir ýola Türkmenistana gönükdirse gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň