Roland Nikolaou: «Euronews» Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen bagly habarlary dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga gatnaşar»

16:5324.01.2020
0
1268

«Euronews» habarlar teleýaýlymynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda ýaýlymyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara dabaralary dünýä ýetirmäge ýakyndan gatnaşjakdygyny aýtdy.

Myhman gazetiň habarçysynyň şunuň bilen baglanyşykly çärelerdir meýiller baradaky sowalyna şeýle jogap berdi:

—Şu ýyl Türkmenistanda juda ähmiýetli çäreler geçiriler, bu aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Çünki iri halkara çäreleri geçirmek, dünýä döwletlerinden myhman çagyrmak üçin ykdysady durnuklylyk, myhmansöýerlik, iň esasy-da, dostana ýürek zerur. Men türkmen halkynda myhmany sarpalap bilýän şeýle ýüregiň bardygyna berk ynanýaryn. Şu ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetli sene ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilip geçilmegidir. Men Aşgabada gelenimden, bu baýramçylyga taýýarlyk işleriniň eýýämden başlanandygyny gördüm. Türkmen tarapynyň ýörite ygtyýarly wekilleri bilen geçiren duşuşyklarymyzda bu baýramçylyk mynasybetli teleýaýlymymyzda ýörite rubrikalaryň taýýarlanylmagy boýunça pikir alyşdyk. Aýratyn-da, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat, onuň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary barada giňişleýin pikir alyşdyk. Elbetde, Türkmenistan we onuň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, jebisleşdirmäge esas, mümkinçilik näçe diýseň bar. Biz geljekde şu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleri baradaky habarlary dünýä ýaýarys diýip umyt edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň