Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş» toparynyň ýolbaşçysy Hytaýyň atçylyk senagaty assosiasiýasynyň Hormat hatyna mynasyp boldy

16:4024.01.2020
0
648

Ýakynda Hytaýyň atçylyk senagaty assosiasiýasy tarapyndan guralan çäre türkmen-hytaý dostlugynyň ýolbeletleri hasaplanýan ahalteke bedewlerine bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň işgärleri hormatly myhman hökmünde çagyryldy ― diýip, «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Çäräniň dowamynda bu ýurtda Türkmenistana wekilçilik edýän Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Parahat Durdyýew çykyş edip, soň­ky ýyllarda strategik derejä çykarylan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda ähli ugurlar bilen birlikde, atçylyk pudagynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş kätibi Ýue Gaofen öz çykyşynda her ýylyň aprel aýynyň soň­ky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çärelere yzygiderli gatnaşýandygyny belläp, geçen ýylda türkmen Lideriniň Karary bilen «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen ada eýe bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

 Şeýle hem çäräniň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýewe atçylyk sungatynda bitiren hyzmatlary üçin berlen Hormat haty Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň wekillerine gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň