«Ahal» şu gün Türkiýedäki üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

15:3324.01.2020
0
4042

AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän «Ahal» bu gün ýene bir ýoldaşlyk duşuşygyna çykar. Hojaahmet Atazowyň şägirtleri şu gün ýerli wagt bilen sagat 19:30-da Makedoniýanyň «Struga» topary bilen duşuşarlar. Bu barada «Ahalyň» Intagramdaky sahypasyna salgylanyp, «Türkmen sporty» habar berýär.

Makedoniýanyň çempionatynyň Birinji ligasynda (ýurduň iň ýokary ligasy) ýaryşýan «Struga» 18 duşuşykda 24 utuk toplap, çempionatyň birinji ýarymyny altynjy orunda tamamlady. 2015-nji ýylda döredilen toparyň düzüminde ýerli futbolçylardan başga-da, serbiýaly we albaniýaly legionerler futbol oýnaýar. «Struga» bäş ýyllyk taryhynyň dowamynda ýurduň çempionatynyň Dördünji ligasyndan Birinji liga çenli çykmagy başardy.

Şu günki oýun «Ahalyň» Türkiýedäki üçünji ýoldaşlyk duşuşygy bolar. Mundan ozal Gazagystanyň «Irtyş» we «Kyzyl-Žar» toparlary bilen duşuşan ildeşlerimiz bir duşuşykda ýeňiş gazanyp, birinde utuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň