Podolski Türkiýä dolandy

12:2824.01.2020
0
3619

Germaniýaly futbolçy Lukas Podolski ýene-de Türkiýäniň çempionaty Süper Lige dolandy. Ýaponiýanyň Wissel Kobe toparyndaky çykyşyny tamamlan 34 ýaşly hüjümçi Antalýaspor kluby bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Köln, Bawariýa, Arsenal, Inter ýaly klublarda oýnan Podolski 2015-2017-nji ýyllarda Galatasaraýda çykyş edipdi. 3 ýyla gola Wissel Kobede oýnan Podolski ýapon toparynda 15 gol geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň