Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dubaýa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdi

12:0024.01.2020
0
8635

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy «Flydubai» awiakompaniýasynyň gatnawy bilen Aşgabadyň halkara howa menzilinden Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine tarap ýola düşdi. Bu ýerdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 24-nji ýanwar ― 4-nji fewral aralygynda dowam eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, milli ýygyndymyz Dubaýda ýerli toparlaryň üçüsi bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Baş tälimçi Ante Mişe bu gezekki ýygnanyşyga, esasan, ätiýaçlyk düzümdäki futbolçylary çagyrdy. Olaryň köpüsi ozal milli ýygyndy tejribesi bolmadyk ýaş futbolçylardyr. Ýöne olaryň arasynda 29 ýaşly Ahmet Ataýew ýaly tejribeli futbolçylar hem bar. Bir döwürde milli ýygyndymyzyň kapitany hem bolan Ahmet Ataýew henize çenli ýygyndy topar bilen 29 duşuşyk geçirdi.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda baş tälimçä onuň ildeşi Sandro Tomiç bilen ýerli tälimçiler Maksim Belyh we Begenç Garaýew ýardam berýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa kubogy ― 2023-iň «H» toparçasynda ýaryşyp, 9 utuk bilen 2019-njy ýyly toparçanyň birinji ornunda tamamlandygyny ýatladýarys. Ildeşlerimiz bu toparçada Koreýa Respublikasy, Liwan, KHDR we Şri-Lanka bilen ýaryşýar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň saýlama tapgyrda nobatdaky duşuşygy 26-njy martda myhmançylyk Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen bolar.

Häzir bolsa biz sizi Dubaýdaky OTÝ-na gatnaşýan milli ýygyndymyz bilen tanyşdyrýarys:

Tälimçiler düzümi:

Ante Mişe, baş tälimçi

Sandro Tomiç, derwezeçileriň tälimçisi

Maksim Belyh, tälimçi

Begenç Garaýew, tälimçi.

Futbolçylar:

1. Rahat Japarow, 1996 ý.d., «Köpetdag»

2. Muhammet Öwezow, 1995 ý.d., «Energetik»

3. Gurbanmyrat Garaýew, 1992 ý.d., «Aşgabat»

4. Ata Geldiýew, 1990 ý.d., erkin agent

5. Aşyrberdi Saryýew, 1992 ý.d., «Şagadam»

6. Oraz Ataýew, 2000 ý.d., «Ýupite Leones» (Ispaniýa)

7. Möwlamberdi Goşşanow, 1995 ý.d., «Köpetdag»

8. Saýat Gulyýew, 1999 ý.d., «Nebitçi»

9. Myrat Amantaganow, 1994 ý.d., «Aşgabat»

10. Mekan Aşyrow, 1995 ý.d., «Altyn asyr»

11. Meýlis Diniýew, 2000 ý.d., «Köpetdag»

12. Ahmet Ataýew, 1990 ý.d., erkin agent

13. Nazar Towalekow, 1997 ý.d., «Aşgabat»

14. Baýramgeldi Nurlyýew, 1995 ý.d., «Şagadam»

15. Batyr Täçnazarow, 2000 ý.d., «Aşgabat»

16. Yhlas Magtymow, 1992 ý.d., «Şagadam»

17. Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 1995 ý.d., «Köpetdag»

18. Döwran Berdiýew, 2000 ý.d., «Aşgabat»

19. Şatlyk Gurbanow, 1999 ý.d., «Aşgabat»

20. Batyrgylyç Berdiýew, 1995 ý.d., «Köpetdag»

21. Şamämmet Hydyrow, 2001 ý.d., «Altyn asyr»

22. Ýazgylyç Gurbanow, 1997 ý.d., «Köpetdag»

23. Akmämmet Metdäýew, 1998 ý.d., «Nebitçi»

24. Ýakup Maksadow, 1997 ý.d., «Köpetdag»

25. Aly Borjakow, 2001 ý.d., «Köpetdag».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň