Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Düzgünnamasy we merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy

00:2724.01.2020
0
8764

Türkmenistanyň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hakyndaky Düzgünnama, şu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanynyň ýurduň elektroenergetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatyndan hem mälim bolşy ýaly, ministrligiň düzüminde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligi döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň