Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

23:5923.01.2020
0
8317

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow pudakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleri babatda elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýeriň hasabatynda energetika pudagynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak maksady bilen degişli işler barada aýdyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, oňa häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany hereket edýän we gurulýan önümçilik kuwwatlyklarynyň işiniň ekologiýa talaplaryna doly kybap gelmeginiň möhümdigi nygtap,  pudagy ösdürmegiň degişli maksatnamasyna laýyklykda, Lebap welaýatynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 megawat boljak bu iri taslamany bellenilen möhletde ulanmaga bermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra energetika ministri M.Artykow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

2018-nji ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Çalyk Holding A.Ş». kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Täze energiýa köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň fewral aýynda geçirildi. Şonda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgam hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Resminamada goňşy döwletleriň çägi boýunça transmilli energetika geçirijisini çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy. Hususan-da, ylalaşykda Owganystana täze elektrik geçirijisi arkaly iberiljek elektrik energiýasynyň möçberi kesgitlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik energetikasynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi talap etdi hem-de ýurdumyzyň energetika syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

Milletiň Lideri energiýa serişdeleri boýunça Türkmenistanyň dünýäniň baý döwletleriniň biridigini, elektrik energiýasyny öndürmegiň tutuş dünýäde iň düşewüntli önümçilikleriň biri hasaplanylýandygyny nygtady.

Şundan ugur alyp, bu möhüm pudaga maýa goýumlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmak zerurdyr. Şunuň netijesinde, türkmen energetika senagaty ýokary depgin bilen ösýär we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän elektrik energiýasynyň eksportuny artdyrmaga ukyplydyr.

Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder. Degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, dostlukly ýurduň durnukly ösmegine goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň öz wagtynda we üstünlikli gurulmagy, şeýle hem bu ulgamda beýleki halkara taslamalaryň mundan beýläk-de amala aşyrylmagy üçin Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirligini döretmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz TOP taslamasynyň diňe sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä üçin hem möhüm ähmiýetlidigini belläp, hödürlenen teklibi makullady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz M.Artykowyň ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmekde örän köp işleri edendigini, hususan-da, onuň Owganystanda iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly goşant goşandygyny, bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, oňa ýene-de bir jogapkärli wezipäni ynanmak barada karara gelendigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti M.Artykowy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň ýolbaşçysy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy.

Maslahatyň barşynda döwlet Baştutany energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň üstüne ýükleýändigini aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň