Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Malaýziýanyň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

16:2523.01.2020
0
15486

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Malaýziýanyň Super ligasynyň wekili «Johor» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu duşuşyk 26-njy ýanwarda, Dubaý şäherinde (BAE) bolar diýip, «Goal.com» habar berýär.

Malaýziýanyň Johor-Baru şäherine wekilçilik edýän topar 1972-nji ýylda döredildi. Ol soňky ýyllarda Malaýziýanyň iň güýçli toparlarynyň biridir. «Johor» ýurduň alty gezek çempiony. Toparyň düzüminde Gonsalo Kabrera, Leonardo Welaskes (Argentina), Maurisio, Diogo (Braziliýa), Liridon Krasniki (Kosowo) ýaly tejribeli legionerler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň