Soňky habarlar

Arhiw

Elektrokar bazary gyzyşýar

14:4623.01.2020
0
826

“Daimler” toparynyň ulaglary “elektrikleşdirme” ädiminiň ilkinjisi bolan “Smart” modeliniň bahasy mälim edildi. Bu ulagyň barha gyzyşýan elektrokar bazaryndaky bäsdeşligi artdyrjakdygy aýdylýar. Häzirki wagtda, esasan, şäheriçi gatnawda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň sany barha artýar. Howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen şeýle ulaglara döwlet tarapyndan hem ýeňillikler döredilýär. Bu ýagdaý önüm öndürijileri höweslendirýär. “Volkswagen” kompaniýasy “e-Up”, “Skoda” kompaniýasy “Citigo” modeli bilen bazardan paý almaga synanyşýar. “2020 Smart EQ ForTwo” ulagynyň bahasynyň 19791 ýewro boljakdygy mälim edildi. “ForFour” modeliniňki 20302 ýewro, “ForTwo Cabriolet” 23985 ýewrodan satylar. “Citigo” modeliniň 19915 ýewrodan satuwa çykarylmagy bäsdeşligiň artandygyny görkezýär. “Smart EQ” modeliniň kuwwaty 82 at güýjüne barabar bolup, 130 km/s tizlik bilen hereket edýär. Ulagyň tizligi şäheriçi üçin aňryýany bilen ýeterlik. Ulag bir gezekki zarýady bilen 115 kilometr ýol geçýär. Diňe elektrokar öndürmek bilen meşgullanýan “Tesla”-nyň iň arzan modeliniň bahasy 31 müň dollardan ýokary.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň