Arhiw

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň artistleri Türkmenabat şäherinde çykyş etdiler

13:1823.01.2020
0
781

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artistleri Lebap welaýatynda döredijilik saparynda boldular. «Türkmen gündogary» gazetiniň habar berşi ýaly, olar Lebabyň Seýitnazar seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda çykyş etdiler.

Tomaşaçylara gülküli sahna oýunlary görkezildi. Şonuň ýaly-da aýdym-sazly, şowhunly çykyşlara hem giň gerim berildi. Ýaňlanan aýdym-sazlarda ajaýyp döwrümiz we ynsan duýgulary wasp edildi.

Artistleriň çykyşlary welaýatyň ýaaşýjylary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Paýtagtly sungat ussatlary döredijilik saparynyň dowamynda ýerli kärdeşleri bilen hem özara tejribe alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň