Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda suw akabalaryny arassalamak işleri dowam edýär

13:0023.01.2020
0
1148

«Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrap suw hojalyk önümçilik dolanyşygynyň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Şyhsowma uly suw akabasyny hem-de Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki zeýkeşleri arassalamak, gazmak, giňeltmek işlerine girişildi. Bu ýerlerde önümçilik dolanyşygyna degişli tehnikalar bilen birlikde, «Daşoguzýersuwgurluşyk» kärhanasynyň kuwwatly ekskawatorlary sazlaşykly işledilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Etrabyň suw hojalyk işgärleri 17 müň gektar bugdaý, şeýle hem şonça gektar gowaça meýdanlaryny, beýleki ekerançylyk ýerlerini we oba ilatynyň mellek ýerlerini suwaryş suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, bu işler bilen utgaşyklykda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny hem gowulandyrmak babatynda gaýragoýulmasyz çäreleri geçirýärler. Ýerleşiş ýagdaýyna görä, ykjam diýilýän etraplaryň biri bolan bu etrabyň çäginde 754 kilometr suwaryş suw akabalary, 1003 kilometr hem zeý akabalary bolup, önümçilik dolanyşygynda olaryň kadaly ýagdaýda saklanmagy, hereket etmegi üçin degişli işler alnyp barylýar.

Etrabyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde, esasan, Şabat, Çopanýap, Könegarraw hemde beýleki suw akabalaryndan peýdalanylýar. Olaryň öz wagtynda arassalanylmagy, hanalarynyň giňeldilmegi, gazylmagy şol suw akabalarynyň geçirijiligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa ekin meýdanlaryna suwy ýitgisiz hem gerekli mukdarda ýetirmäge şert döredýär.

Etrap boýunça suw paýlaýjy desgalaryň 20-si, suw göteriji enjamlaryň hem 113-si ýylyň islendik wagtynda doly güýjünde hereket edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň