Soňky habarlar

Arhiw

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-de koreý dilini öwrenýän talyplar üçin täze lingafon otaglary açyldy

12:0523.01.2020
0
4650

Golaýda, 18-nji ýanwarda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çin Kihun Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Koica» kärhanasynyň hemaýatkärliginde guralan 25 adamlyk lingafon otagynyň hem-de 2 sany abatlaýyş işleri geçirilen şeýle otagyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu otaglar talyplara dostlukly halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär ― diýip, «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili 2008-nji ýyldan bäri okadylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan türkmençe-koreýçe sözlük we birnäçe okuw kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi

Koreý dilini türkmen ýaşlaryna öwretmekde institutda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň halkara giňişliginde bilim, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak esasynda, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýan döwletler bilen gatnaşyklary has-da berkitmek üçin geljekki terjimeçileriň ukyp-başarnygynyň ýokary derejede bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebinde koreý dilini öwrenýän talyplaryň okuw meýilnamasy kämilleşdirildi. Koreý dilinde okaýan talyplara ikinji daşary ýurt dili — hytaý dili dersi girizildi.

2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan bäri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýanynda patyşa Sejong adyndaky koreý okuw merkezi hereket edýär. Şeýle-de ýokary okuw mekdebinde talyplaryň gatnaşmagynda koreý diliniň hepdeligi guraldy.

Geçen ýylyň 9-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Hangyl gününe bagyşlanyp geçirilen baýramçylykda koreý dilini ýaýratmakda we okatmakda edilen işler üçin institut Koreýanyň Prezidentiniň baýragyna mynasyp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň