Soňky habarlar

Arhiw

Andreas Zinonos: «Türkmenistan bilen Kipr syýasy gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmeli»

11:5723.01.2020
0
1503

Mälim bolşy ýaly, 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Andreas Zinonosdan ynanç hatyny kabul etdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen ilçi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyklaryň çäklerinde türkmen-kipr gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Kipr Respublikasyna wekilçilik edýän täze ilçi bilen duşuşyp, diplomatyň türkmen-kipr hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatdaky geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy.

— Hormatly ilçi, ilki bilen, Sizi ýokary diplomatik wezipä bellenilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hakyndaky gürrüň bilen söhbetdeşligimize başlaýsak?!

— Sag boluň! Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri entek köp wagt geçenok. Ýurtlarymyzyň diplomatik gatnaşyklary bilelikdäki Beýannama gol çekmek arkaly, 2007-nji ýylyň 13-nji noýabrynda başlandy. Şonuň üçin-de Türkmenistan bilen Kipr Respublikasyny täze hyzmatdaşlar diýip hem atlandyryp bolar. Häzirki döwre çenli iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, doly ygtyýarly wekiller, ministrler derejesinde duşuşyklar geçirildi we oňyn netijeler gazanyldy. Ýöne biziň ýurdumyz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Merkezi Aziýada depginli ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýan Türkmenistanda islendik döwlet bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Ine, hut şonuň üçin-de bu gün meniň öňümde täze bir dünýä açyldy. Täze diplomatik wezipä bellenilmegim bilen, Türkmenistana ilkinji saparymyň maksady diplomatik ýollar arkaly ynanç hatyny gowşurmak bilen bagly boldy. Şoňa görä-de, 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdym. Duşuşygyň çäklerinde türkmen-kipr gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary boýunça pikir alyşdyk. Islendik mesele babatda degişli gepleşikleri geçirip, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek geljekki meýilnamalary işläp düzmekde örän möhümdir.

— Kipr Respublikasynyň daşary syýasat strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga nähili ähmiýet berilýär? Siziň pikiriňizçe, türkmen-kipr gatnaşyklaryny ösdürmekde haýsy ugurlar has möhüm?

— Biziň ýurdumyz daşary syýasatda içerki bitewüligi üpjün etmek arkaly, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Kipr Respublikasy ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar. Biz hyzmatdaşlyk edýän döwletlerimiz bilen özara gatnaşyklarymyzy halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Britan Arkalaşygynyň we beýleki iri halkara düzümleriň agzalygyna girýän Kipr Respublikasy soňky ýyllarda ähli ýurtlar bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen hem özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, ünsi çekmeli ýagdaýymyz bar: syýasy ugurdaky gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirmeli. Hut syýasy ugur ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň möhüm görkezijisidir. Biz bu babatda Türkmenistanyň Mejlisinde hem-de Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşyklarda içgin gürrüň etdik. Diplomatiýanyň tejribesinden belli bolşy ýaly, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, ýurtlarymyzyň döwlet Baştutanlary derejesinde birek-biregiňkä saparlaryň guralmagyny maksadalaýyk hasaplaýarys. Munuň özi türkmen-kipr gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga itergi berer. Elbetde, syýasy ulgam boýunça hyzmatdaşlyk beýleki ugurlarda mümkin bolan gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýol açýar. Bu öz-özünden düşnükli ýagdaý. Türkmenistan bilen ykdysadyýet, söwda, ylym we bilim, syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Görnüşi ýaly, ýurtlarymyzyň Liderleriniň Türkmenistan bilen Kipr Respublikasynyň arasynda dostlukly we hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly gyzyklanmasy bar. Şundan ugur alyp, geljekde kipr-türkmen hyzmatdaşlygynyň, garaşylyşy ýaly, oňyn netijeleri berjekdigini ynam bilen aýdyp bileris.

— Jenap Andreas Zinonos, Siziň täze diplomatik wezipede işe başlamagyňyz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýyly bilen gabat gelýär. Şu ýylyň dowamynda bu şanly sene mynasybetli guraljak çäreler, umuman, türkmen Bitaraplygy hakyndaky garaýyşlaryňyz?!

— Türkmenistanyň daşary syýasy derejesiniň ykrar edilmeginiň çärýek asyrlyk şanly senesi, hakykatdan-da, örän ähmiýetli waka. Bu, diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda tutuş dünýä ýurtlary üçin hem ähmiýetli. Sebäbi häzirki zamanyň halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň «türkmen nusgasyna» parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş bolsa, islendik jemgyýet, islendik ýurt üçin arzyly gymmatlyklardyr. Biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata gatnaşmaga uly isleg bildirýäris. Meniň pikirimçe, Kipr Respublikasyndan ýokary derejeli wekiliýetiň bu maslahatyň işine gatnaşmagy, megerem, has netijeli we ähmiýetli bolar. Munuň özi umumadamzat bähbidine gönükdirilen meseleler boýunça dünýäniň çar künjünden Türkmenistana gelen wekiller bilen pikir alyşmaga, dürli derejedäki gepleşikleri geçirmäge örän uly mümkinçilikdir. Şu pursatda, türkmen Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak çärelere Kipr Respublikasyndan wekiliýetiň gatnaşmagy üçin ähli zerur tagallalary durmuşa geçirmäge taýýardygymyzy aýtmak isleýärin. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň