Soňky habarlar

Arhiw

Tokioda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleriň toplumy geçirildi

11:4223.01.2020
0
2563

Golaýda 2020-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Ýaponiýadaky ilçihanasy tarapyndan giň gerimli çäreler geçirildi. «Bitaraplyk dostlugyň girewidir» ady bilen geçirilen köpçülikleýin çäreler Tokio şäheriniň Komazawa olimpiýa sport bagynda guraldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Çärelere Tokio şäheriniň ýaşaýjylary, sport bilen meşgullanýan türgenler, Ýaponiýanyň sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäreler toplumynyň başynda türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan sergi guraldy.

Soňra Ýaponiýanyň sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda mejlis geçirildi. Oňa gatnaşyjylara parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy we türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem Komazawa olimpiýa sport bagynyň uly sport meýdançasynda maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanda ähli ulgamlar boýunça alnyp barylýan işlerden söz açýan wideoşekiller görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň