Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

11:1023.01.2020
0
9563

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesine seredildi. Şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Agzalan döwürde Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan amala aşyrylan çäreler, hususan-da, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň durmuş meselelerini çözmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany bu düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň işgärleriň işjeň durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirip, olary syýasy, hünär we hukuk taýdan taýýarlamaga, olaryň eserdeňligine, häzirki zamanyň ylymlaryndan we sanly tehnologiýalaryndan baş çykarmak ukybyna baglydygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler ministrlikleri, Ýokary kazyýeti, Baş prokuratusary, Döwlet serhet gullugy, Adalat ministrligi, Döwlet gümrük we migrasiýa gulluklary tarapyndan ýylyň dowamynda alnyp barlan işler barada hasabatlar berildi. Döwlet Baştutany olaryň hersi babatynda degişli tabşyryklary berdi. Ulgamlaryň işine sanly tehnologiýany ornaşdyrmak bolsa ähli tabşyryklaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini, şu ýylda hem bu baýramçylygyň uly dabaralara beslenjekdigini aýtdy.

Milletiň Lideri esgerleriň we serkerdeleriň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigine, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdigine, türkmen halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly häsiýetlerini berkitmekde ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna berk ynam bildirip, bu ýere ýygnananlary golaýlap gelen Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Ç.Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmak hakynda Permanlara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň