Arhiw

Aşgabatda Adam hukuklary baradaky pudagara toparyň mejlisi geçirildi

10:4623.01.2020
0
3245

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji ýanwarda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda eden çuňňur manyly çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy çygrynda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça wezipeler, şol forumyň barşynda gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlise gatnaşyjylar 2019-njy ýylda pudagara toparyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerini hem jemlediler.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan adam hukuklaryny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegiň hem-de halkara hukugyň ynsanperwer kadalaryny ornaşdyrmagyň we hukuk-ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi, ol adam hukuklary ýaly möhüm ugurda hem üstünlikli ösdürilýär.

Mejlise gatnaşyjylar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş üçin ählumumy Gün tertibiniň esasy wezipeleriniň çäklerinde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny», «2018 — 2022-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny» hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany», «Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny» we beýleki milli meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça toparyň agzalarynyň ýerine ýetirmeli işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem halkara guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň