Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen syýahatçylyk kärhanalary “Ferien-Messe Wien – 2020” sergisine gatnaşdylar

21:5322.01.2020
0
1170

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary golaýda Wena şäherinde (Awstriýa) geçirilen “Ferien-Messe Wien – 2020” iri möçberli halkara pudaklaýyn sergine gatnaşdylar. Bu sergi türkmen kärhanalarynyň mümkinçilikleri we sagaldyş resurslary bilen dünýä syýahatçylaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Dünýäniň 80 ýurdundan syýahatçylyk pudagynyň 800-den gowrak wekillerini jemlän “Ferien-Messe Wien-2020” sergisiniň gatnaşyjylarynyň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary “Balkansyýahat”, “Lebapsyýahat”, “Marysyýahat”, “Aziýanyň Merjeni”, “Aýan” we ş.m. kärhanalar bar.

Olar sergä gelenleriň ünsüne Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary, Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, tebigatyň gözel ýerleri, şeýle hem türkmen halkynyň baý däp-dessurlary we özboluşly adatlary hakynda gürrüň berýän diwarlyklary we maglumatlary hödürlediler. Serginiň başga bir bölegi Türkmenistanyň häzirki döwürdäki gazananlaryna, Aşgabadyň gözel ýerlerine, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerine bagyşlandy.

Serginiň çäklerinde türkmen syýahatçylyk gulluklarynyň Awstriýadan, Slowakiýadan, Çehiýadan, Polşadan we birnäçe beýleki döwletlerden bolan kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirilip, olaryň netijesinde “Klausund die Welt Reisebüro”, “Off Roadowa” syýahatçylyk kompaniýalary bilen şertnamalara gol çekmek hakynda çözgütler kabul edildi. Çehiýa Respublikasynyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri bilen türkmen hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary gurnamak hakynda ylalaşyga gelindi.

Ýerli syýahatçylyk gulluklary “Ferien-Messe Wien” sergisine birinji gezek gatnaşmaýarlar, olar bu abraýly pudaklaýyn serginiň meýdançasyny ýewropaly hyzmatdaşlar bilen iş gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ulanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň