Soňky habarlar

Arhiw

Budapeştde Türkmen-Wenger hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

21:4022.01.2020
0
4646

Golaýda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-wenger hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisine iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de işewürlik toparlaryň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, sanly ykdysadyýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde senagat, ulagkommunikasiýa, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Energetika ugurly gatnaşyklary giňeltmek mejlisiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Taraplar Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki mejlisiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Wengriýanyň Iştwan adyndaky uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy bilen Wengriýanyň Akkreditasiýa boýunça milli býurosynyň arasynda akkreditasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ylalaşyk we telekeçilik ugurly beýleki resminamalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň