Ilkinji finalçy Saud Arabystany

18:2322.01.2020
0
783

23 ýaşa çenlileriň arasynda geçirilýän Aziýa futbol çempionatynyň 1-nji finalçysy belli boldy. Ýarym finalda Özbegistanyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňen Saud Arabystany adyny finala ýazdyrdy. Araplara ýeňiş hem-de Tokio 2020 Olimpiýa oýunlarynyň petegini gazandyran ýeke-täk goly 87-nji minutda Al-Hamdan derwezä girizdi. Onuň batly uran urgusy goragça degip, derwezeçini ýalňyşdyrdy. Şunlukda, Saud Arabystany 3-nji gezek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň