Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystanynyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatyna taýýarlyk görmek üçin Aşgabady saýlap aldy

15:0722.01.2020
0
3464

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Robert Grdowiçiň türkmen metbugatyna beren interwýusyndan hem mälim bolşy ýaly, Saud Arabystanynyň futzal ýygyndysy Aziýa çempionatynyň öňüsyrasyndaky türgenleşikler üçin Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesini saýlap aldy.

Munuň üçin milli ýygyndynyň ýaryşyň başlanmazyndan birnäçe gün ozal Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisi geçiriler. Bu iki ýygyndy geçen ýyl Horwatiýada geçirilen halkara ýaryşyň öňüsyrasynda hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçiripdiler.

Yklym çempionatynyň «D» toparçasynda ýaryşjak Saud Arabystany bu ýaryşa taryhynda ikinji gezek gatnaşýar. Olar ilkinji gezek 2016-njy ýylda ýaryşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň