Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Dubaýda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirer

12:1222.01.2020
0
3888

Aýyň ahyrynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygy üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine ugrajak Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy bu ýerdäki türgenleşikleriň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň üçüsini geçirer.

― Duşuşyklar ýerli toparlar bilen geçiriler ― diýip, baş tälimçi Robert Grdowiç Dubaýdaky ýygnanyşykdaky duşuşyklaryň ýygyndylar derejesinde bolmajakdygyny aýtdy.

Futzal ýygyndymyz bu ýerden Tailanda ugarar. Mälim bolşy ýaly, Tailandda geçiriljek halkara ýaryşda ildeşlerimiz ýer eýeleri we Malaýziýanyň ýygyndysy bilen bir toparçada ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň