Soňky habarlar

Arhiw

Robert Grdowiç: «Futzal ýygyndymyz Aziýa çempionatyna 80 göterim taýýar»

11:5022.01.2020
0
809

«Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Şamyrat Muhammetgurbanowyň futzal boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Robert Grdowiç bilen gurnan söhbetdeşligini «Türkmenportalyň» okyjylary bilen hem paýlaşýarys:

— Söh­bet­deş­li­gi­mi­ziň ba­şyn­da Azi­ýa çem­piona­ty­na gör­ýän taý­ýar­lyk­la­ry­ňyz ba­ra­da aý­daý­saňyz!

— Türk­me­nis­tan be­den­ter­bi­ýä, spor­ta aý­ratyn üns ber­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň bir­nä­çe­si ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Şu ýy­lyň özün­de hem Aş­ga­bat­da şeý­le hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň üçü­si ge­çi­ri­ler. Şo­la­ryň il­kin­ji­si Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty­dyr. Bu çem­pio­nat­da ýo­ka­ry ne­ti­jä­ni ga­zan­mak üçin ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­ýä­ris. Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaşlar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi bi­len ýer­li Fut­bol fe­de­ra­siýa­sy bi­ziň tür­gen­le­şik geç­me­gi­miz üçin ýa­kyn­dan ýar­dam ber­ýär­ler. Mil­li ýy­gyn­dy bi­len Ku­weýt­de ge­çen okuw-türgen­le­şi­gi­miz­de ýer­li ýy­gyn­dy bi­len iki ge­zek ýol­daşlyk du­şu­şy­gy­ny ge­çir­dik. Ola­ryň bi­rin­ji­sini şowsuz tamamlan bolsak, ikin­ji oýun­da deň­lik ga­zan­dyk. Hor­wa­ti­ýa­da bo­lan okuw tür­gen­le­şi­gin­de bol­sa Hyta­ýyň, şeý­le-de, Ýew­ro­pa­nyň ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň bir­nä­çe­si bi­len du­şuş­dyk. Bu ýer­de ge­çi­ri­len hal­kara ýa­ryş­dan soň­ra, taý­ýar­ly­gy­my­zy has-da art­dy­ryp baş­la­dyk. Hor­wa­ti­ýa­ly kär­de­şim, uly fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­nyň tä­lim­çi­si An­te Mi­şe­niň kö­mek­çi­si Mak­sim Be­ly­hyň gat­naş­ma­gyn­da tür­gen­le­şik pursat­la­ryn­da fi­zi­ki taý­ýar­lyk de­re­jä­mi­zi art­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­dik. Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de alyp ba­ran okuw-tür­genle­şi­gi­miz on gün do­wam et­di. On­da tür­gen­ler bi­len top­suz iş­le­dik. 7-nji ýan­war­dan tak­ti­ki taý­ýar­ly­gymy­zy art­dyr­ma­ga baş­la­dyk. Her gün ýö­ri­te tas­sykla­nan me­ýil­na­ma esa­syn­da iki wag­ty­na tür­gen­le­şik iş­le­ri­ni alyp bar­ýa­rys. Bi­ziň bu tür­gen­le­şi­gi­miz üç hep­de­läp do­wam eder.

— Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­den soň tür­gen­le­şi­giňi­zi ni­re­ler­de ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar­syňyz?

— Bu ýer­dä­ki tür­gen­le­şik­ler­den soň­ra, biz taýýar­ly­gy­my­zy BAE-niň Du­baý şä­he­rin­de do­wam ede­ris. Bir­nä­çe gün do­wam et­jek tür­gen­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de biz ýer­li to­par­la­ryň üçü­si bi­len ýol­daşlyk du­şu­şy­gy­ny ge­çi­re­ris. El­bet­de, bu du­şu­şyk­lar tür­gen­le­ri­mi­ziň taý­ýar­lyk de­re­je­si­niň has-da artma­gy­na ýar­dam be­rer. Soň­ra Tai­land­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra ýa­ry­şa gat­na­şa­rys. Bu ýer­de bir­nä­çe güýç­li ýy­gyn­dy­la­ryň bar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Hal­ka­ra ýa­ryş­da ýy­gyn­dy­myz to­par­ça­la­ýyn bäs­le­şik­de ýer eýe­le­ri, şeý­le hem Ma­laý­zi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len bäs­le­şer. Ýa­ry­şyň beý­le­ki to­par­ça­syn­da Azi­ýa­nyň iň bir güýç­li to­par­la­ry bo­lan Eý­ra­nyň ýaş­lar ýy­gyndy­sy hem-de Tä­ji­gis­tan bi­len Ku­weý­tiň ýy­gyn­dy­la­ry ýa­ry­şar­lar. Bu ýa­ryş­da bi­ze go­wy ne­ti­je gör­kez­mek ge­rek.

— Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­riljek hal­ka­ra ýa­ry­şyň du­şu­şyk­la­ryn­da esa­san näme­le­re üns ber­mek ge­rek?

— Ýa­ryş­da bi­ziň esa­sy ün­sü­miz gar­şy­daş­la­rymy­zyň tak­ti­ki taý­ýar­ly­gy bo­lar. To­par­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän oýun­la­ry syn­lap, gar­şy­daş­la­ry­my­zyň takti­ki taý­ýar­ly­gy­ny öw­re­ne­ris, şo­nuň bi­len bir­lik­de, öz taý­ýar­ly­gy­my­zy art­dy­ra­rys.

— Ýa­ryş­dan soň­ra taý­ýar­ly­gy­ňy­zy nä­hi­li de­reje­de alyp bar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär­si­ňiz?

— Türk­men paý­tag­ty­nyň gör­kü­ne görk goş­ýan Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de spor­tuň is­len­dik gör­nüşi bo­ýun­ça tür­gen­leş­mä­ge ze­rur şert­ler dö­re­di­len. Biz hal­ka­ra ýa­ryş­dan soň­ky taý­ýar­ly­gy­my­zy Olimpi­ýa şä­her­çe­sin­de do­wam et­mek­çi. Bu ýer­de Saud Ara­bys­ta­ny­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bi­len ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­nyň iki­si­ni ge­çi­re­ris. Bu ýy­gyn­dy Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň öňü­sy­ra­syn­da Aş­ga­bat­da okuwtür­gen­le­şi­gi­ni ge­çir­mek is­le­ýär.

— Tür­gen­le­şik pur­sa­dyn­da dil me­se­le­si hem ýü­ze çyk­ýan bol­sa ge­rek?

— Ha­wa, bu ugur­da ýö­ri­te ter­ji­me­çi kö­mek­çim bar. Ýö­ne tä­lim­çi­niň öz tab­şy­ryk­la­ry­nyň has tä­sirli bol­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­mak is­le­ýä­rin. Şo­nuň üçin özüm türk­men di­lin­dä­ki söz­le­riň kö­pü­si­ni öw­rendim. Taý­ýar­ly­gyň do­wa­myn­da ha­çan-da tür­gen­le­riň tiz­li­gi­ni art­dyr­mak is­lä­nim­de «çalt­rak», oýun­çy­la­ryň pök­gi­ni bi­ri-bi­ri­ne ge­çi­ren­le­rin­de, «ýo­ka­ry», «aşak», «sa­ga», «çe­pe» ýa­ly söz­le­ri köp ulan­ýa­ryn.

— Fut­zal­çy­la­ryň için­de has ta­pa­wut­lan­ýan­lary, hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da hem uky­by­ny yk­rar et­di­rip bil­jek­le­ri bar­my?

— Ha­wa, oýun­çy­la­ryň äh­li­si-de ez­ber, çün­ki olar öz­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ha­ta­ryn­da­dy­gy­na Aş­ga­bat­da geç­jek Azi­ýa çempio­na­tyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­me­giň iň uly we­zi­pedi­gi­ne oňat dü­şün­ýär­ler. Şeý­le-de bol­sa, Ab­dyl­la Gur­ban­ne­pe­sow, Da­ýanç Ga­ra­ja­ýew, Gur­ban­gel­di Sä­he­dow ýa­ly ez­ber fut­zal­çy­la­ryň ady­ny aý­ra­tyn nyg­ta­mak is­le­ýä­rin. Ge­çir­ýän du­şu­şyk­la­ry­my­zyň äh­li­sin­de ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­ýan bu tür­gen­lerden Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da-da ta­ma­myz uly.

— Ýa­dy­ňy­zda bol­sa, Siz mil­li ýy­gyn­dy­my­zy tür­gen­leş­di­rip baş­lan wag­ty­ňyz oýun­çy­la­ry­my­zyň yh­las-ba­şar­ny­gy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny aý­dyp­dy­ňyz. Oýun­çy­la­ry­my­zyň hä­zir­ki ýag­da­ýy nä­hi­li, ge­çen ýyl­la­ryň do­wa­myn­da olar öz ba­şar­ny­gy­ny has-da art­dy­ryp bil­di­mi?

— Öň­de bol­jak Azi­ýa çem­pio­na­ty­na og­lan­la­ryň taý­ýar­ly­gy­nyň 80 gö­te­ri­me ýe­ten­di­gi­ni bel­le­me­li. Oýun kyrk mi­nut do­wam ed­ýär. Biz kä­bir oýun­laryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da, kä wagt bol­sa, soň­ky ýig­rimi mi­nu­dyn­da ti­jen­ýä­ris. Bi­ziň esa­sy mak­sa­dy­myz — tak­ti­ka­my­zy baý­laş­dyr­mak. Ýe­ne-de bir aý wagty­myz bar. Ne­sip bol­sa, taý­ýar­ly­gy­my­zy has-da art­dy­ryp, özü­mi­ze bil­di­ri­len yna­my öde­jek­di­gi­mize ynan­dyr­ýa­ryn. Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş etjek ýy­gyn­dy­my­zyň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dyk. Olar 16 oýun­çy­dan yba­rat. Ola­ryň üçü­si — der­we­ze­ban­lar.

— Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li ýy­gyn­dy­myz çem­pionat­da «A» to­par­ça­da çy­kyş eder. To­par­ça­da­ky gar­şy­daş­la­ry­myz ba­ra­da hem aý­daý­sa­ňyz!

— Biz çem­pio­nat­da, il­ki bi­len, 26-njy few­ral­da Oma­nyň, 28-nji few­ral­da Tä­ji­gis­ta­nyň, 1-nji mart­da Wýet­na­myň mil­li ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şa­rys. Il­kin­ji gar­şy­da­şy­myz Oma­nyň ýy­gyn­dy­sy şeý­le ýa­ryş­la­ra il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar. Bu ýa­ryş olar üçiň iň uly synag bo­lar. Tä­ji­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy Fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty­na on bi­rin­ji ge­zek, Wýet­namyň ýygyndysy bolsa bu ýa­ry­şa al­tyn­jy ge­zek gat­naşma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Il­kin­ji gar­şy­daş­la­ry­myz­dan üs­tün çyk­jak­dy­gy­my­za ynan­ýa­rys.

— Öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­ňyz ba­ra­da-da aýdaý­sa­ňyz!

— Iň esa­sy mak­sa­dy­myz — çem­pio­nat­da baýrak­ly or­na düş­mek. Ne­sip bol­sa, yh­las­ly, ba­şar­jaň tür­gen­le­ri­miz bi­len öň­de go­ýan mak­sa­dy­my­za ýetjek­di­gi­mi­ze berk ynan­ýa­rys. Mu­nuň üçin bi­ze äh­li şert­ler dö­re­di­lip be­ril­di. No­bat­da­ky Azi­ýa çem­pio­naty dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň hem saý­la­ma tap­gy­ry bolar. Şo­nuň üçin biz şu ýy­lyň do­wa­myn­da Li­wan­da­ky dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­ne çy­kyp bil­sek, on­da türk­men fut­zalyn­da tä­ze sa­hy­pa aç­dy­gy­myz bo­lar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň