Soňky habarlar

Arhiw

Derbide deňlik

10:4522.01.2020
0
519

Çelsi bilen Arsenalyň arasyndaky London derbisinde ýeňiş gazanan bolmady. 26-njy minutda Arsenalyň goragçysy Dawid Luiz  Çelsiniň hüjümçisi Tammi Abrahymy jerime meýdançasynda ýykdy. Penalti urgusyny bellän emin Dawid Luize-de gyzyl kart görkezdi. 28-nji minutda Žoržinio penaltini dürs urup hasaby açdy. Oýnuň 63-nji minutynda garşylyklaýyn hüjümde öz ýarym meýdançasyndan topy alan Gabriel Martinelli owadan urgy bilen hasaby deňledi. 84-nji minutda burçdan ýerine ýetirilen urguda topy ýuwaşlyk bilen derwezä gönükdiren ispaniýaly Sezar Azpilikueta Çelsini öňe saýlady. Ýöne 1 oýunçy kemdigine garamazdan ruhdan düşmedik Arsenal 3 minutdan soň, hasaby deňledi. Bu goly Arsenalyň ispaniýaly goragçysy Hektor Bellerin öz adyna ýazdyryp, ol topy çep aýagy bilen aýlap derwezä girizdi. Şondan soň, Çelsiniň gol üçin eden tagallalary netije bermedi we duşuşyk 2-2 deňlikde tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň