Ilkinji ýarym finalçy Napoli

10:2722.01.2020
0
631

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda ilkinji ýarym finalçy Napoli boldy. Olar öz meýdançasynda Lasiony kabul edip, güýçli garşydaşyny Lorenzo Insinýeniň 2 minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. 10-njy minutda Lasiodan Çiro Immobile penaltinis dürs urup bilmedi. 19-njy minutda ýer eýeleriniň goragçysy Elseid Haýsaj 2-nji sarydan gyzyl kart aldy. 25-nji minutda-da Lukas Leiwa gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Duşuşygy 2 topar hem 10 oýunçy bolup tamamlady. Duşuşygyň dowamynda Napoliniň 2, Lasionyň 1 topy sütüne degip yzyna gaýtdy. Şunlukda, Napoli ýarym finala çykmagy başardy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň