Soňky habarlar

Arhiw

Ýoldaşlyk duşuşygy: «Ahal» (Türkmenistan) ― «Kyzyl-Žar» (Gazagystan) ― 1:0

23:5521.01.2020
0
4300

Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary düýn Türkiýedäki ýygnanyşygynda meýilleşdirilen ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ozal hem habar berlişi ýaly, Gazagystanyň Birinji ligasynda çempion bolup, täze möwsümde ýene-de Premýer liga dolanan «Kyzyl-Žar» bilen geçirilen duşuşyk «Ahalyň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaş tälimçi Hojaahmet Arazowyň toparyndan 20-nji minutda hüjümçi Myrat Ýagşyýew tapawutlandy. Ol Guwanç Abylowyň özüne dürs geçiren pökgüsini ussatlyk bilen derwezä girizip, toparyna täze möwsümdäki ilkinji ýeňşi getirdi. Duşuşyk Antalýa şäheriniň Belek şäherçesindäki stadionlaryň birinde geçirildi.

«Ahalyň» üçünji ýoldaşlyk duşuşygyndaky garşydaşy Özbegistanyň «Nawbahor» kluby bolar. 25-nji ýanwarda ýygnanyşyk üçinTürkiýä gitjek namangan şäheriniň topary ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny «Ahal» bilen geçirer.

«Ahal» 31-nji ýanwarda Watanymyza dolanyp geler we AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryna taýýarlygy Aşgabatda dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň