Soňky habarlar

Arhiw

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentine Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin çakylyk haty gowşuryldy

21:2621.01.2020
0
3926

Bern şäherinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti S.Sommaruga bilen Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda ýörite duşuşyk geçirildi. Bu barada “neutrality.gov.tm” resmi internet saýty habar berýär.

Duşuşykda 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň ähmiýeti barada bellenilip geçilip, şol maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti hanym S.Sommaruga çakylyk hatyň asyl nusgasy gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň