Lebap welaýatynda tohumlyk gowaça çigidi bol mukdarda taýýarlanylýar

20:5021.01.2020
0
176
Lebap welaýatynda tohumlyk gowaça çigidi bol mukdarda taýýarlanylýar

Halaç etrabyndaky Garabekewül tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän kärhanasy şu ýyl Lebap welaýatynyň hojalyklary üçin tohumlyk gowaça çigidiniň ýeterlik möçberini taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde gowaçanyň «S-2606» görnüşiniň tohumlyk üçin taýýarlanan çigidiniň möçberi 6 müň tonnadan geçdi. Olary ýapyk görnüşli ammarlarda talabalaýyk saklamak işine ýörite hünärmenler gözegçilik edýärler.

Tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak işi Çärjew etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda hem talaba görä alnyp barylýar. Bu ýerde gowaçanyň «Ýolöten-7» görnüşiniň tohumy taýýarlanylýar. Şu güne çenli eýýäm 3 müň tonna tohumlyk çigit taýýarlanyldy.

Kerkiçi şäherçesindäki we Kerki şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanalarda hem bu etraplarda ekilmegi meýilleşdirilýän gowaça sortlarynyň tohumlaryny taýýarlamak ýokary depginde alnyp barylýar.

Bu işleriň öňümizdäki ýazda daýhan birleşikleriniň we hojalyklarynyň tohumlyk gowaça çigidi bilen doly üpjün edilmegine şert döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň