Tehnologiýa brendleriniň gymmaty artýar

19:3721.01.2020
0
985

Onlaýn statistika portaly “Statista” geçen ýylyň iň gymmatly kompaniýalarynyň sanawyny mälim etdi. Bu reýtingde mundan on ýyl ozal bary-ýogy 2 sany kompaniýa bolan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji ýedä ýetipdir. Sanawa dünýäniň dürli ýerlerinden jemi 100 kompaniýa girizilipdir. Ilkinji onluga 5 sany amerikan brendi giripdir – “Apple”, “Microsoft Corp”, “Alphabet Inc.”, “Amazon” we “Facebook”. Hytaýdan bolsa, “Alibaba” we “Tencent Holding” kompaniýalary orun alypdyr. Ilkinji onlukdaky amerikan kompaniýalarynyň jemi bazar nyrhynyň 5 trillion dollardygy mälim edildi. Sanawa giren “Alibaba” hytaý kompaniýasy elektron söwda, elektron töleg we beýleki sanly ulgamlarda iş alyp barýar. Onuň bazar bahasynyň 472 milliard dollardygy mälim edildi. “Tencent Holdings” bolsa, Aziýanyň ikinji uly kompaniýasydyr. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý “Made in China 2025” maksatnamasynyň çäklerinde tehnologiýa öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurdy bolmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň