Futbol janköýerleri üçin ýörite öndüriler

18:3621.01.2020
0
964

“Volkswagen” kompaniýasy käbir modellerini öňümizdäki tomusda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatyna (“Euro 2020”) bagyşlap, aýratyn bezär. Adaty modellerden azda-kände tapawutly boljak ýörite goýberiliş ähli modele diýen ýaly degişli bolar. “United” atly nyşanly ýörite goýberiliş “Up!”, “e-Up!”, “Polo”, “T-Cross”, “Golf Variant”, “Golf Sportsvan”, “T-Roc”, “Tiguan Allspace”, “Touran” we “Sharan” modellerini öz içine alar. Ulaglar “atlas mawysy” diýlip atlandyrylan reňkli bolar. Ulagyň içki dizaýny hem futbol janköýerleriniň isleglerini kanagatlandyrar. Ulaglaryň “Up” modeline degişli görnüşleri 14485 ýewrodan, “Golf” modeline degişlileri 22 900 ýewrodan satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň