«Istiklol» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Daşkentde geçirilen saýlama duşuşygynda «Lokomotiwi» ýeňdi

17:0321.01.2020
0
5024

Duşenbe şäheriniň «Istiklol» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşygynda Daşkentde ýerli «Lokomotiwi» 1:0 hasabynda ýeňip, yklymyň birinji derejeli ýaryşyna bir ädim golaýlaşdy. Duşuşykda myhman toparyň goluny 60-njy minutda Alişer Jalilow geçirdi.

«Istiklolyň» indiki garşydaşy taryhynda ikinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasyna çykmaga dalaş etjek «Al-Ahli» (Saud Arabystany) bolar. Iki toparyň arasyndaky duşuşyk 28-nji ýanwarda Jidde şäherinde, «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadionynda geçiriler.

Eger «Istiklol» bu duşuşykda hem ýeňiş gazansa, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşmaga hukuk gazanar. Şeýle bolan ýagdaýynda «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky garşydaşy «Regar TedAZ» topary bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň