Çelsi–Arsenal: 200-nji duşuşyk

16:2321.01.2020
0
714

Her tapgyrynda diýen ýaly derbisi bolan Angliýanyň çempionaty Premier ligada şu gün 24-nji tapgyryň çäginde London derbisi oýnalar. Çelsi bilen Arsenalyň arasyndaky bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen ýarygijeden soň, 01:15-de başlar. Bu duşuşyk ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 2 toparyň arasyndaky 200-nji oýun bolar. Şolaryň 165-si Angliýanyň çempionatyna degişlidir. Mundan öňki 199 oýunda Arsenal 76, Çelsi 65 gezek ýeňiş gazandy. 58 oýun deňlikde tamamlandy. Gollarda 277-262 Arsenal öňde.

Iki toparyň arasyndaky iň uly tapawutly ýeňiş Çelsiniň 2014-nji ýylyň martynda 6-0 hasap bilen ýeňen duşuşygy boldy. Çelsi-Arsenal duşuşyklarynda iň köp gol geçiren futbolçy Didie Drogba bolup, ol 13 gezek tapawutlandy.

Iki toparyň arasyndaky 1-nji duşuşyk mundan bir aýa golaý ozal oýnalyp, dekabryň ahyrynda geçirilen bu duşuşyk 2-1 hasabynda Çelsiniň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň