Italiýanyň Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkezilmegini dowam edýär

16:0221.01.2020
0
564

Italiýanyň Kubogy ýaryşy "Türkmenistan sport" teleýaýlymynda görkezilmegini dowam edýär. Şu gün ýaryşyň çärýek final tapgyry geçirilip başlanar. Çärýek finalyň 1-nji duşuşygynda Napoli öz meýdançasynda Lasiony kabul eder. Täze tälimçisi Jennaro Gattuso bilen juda şowsuz çykyş edýän Napoli üçin kubok ýaryşynda ýokary netijeler gazanmakdan başga alajy ýok. Başgaça aýdylanda, kubok ýaryşynda gazanyljak ýeňiş, belki şowsuzlygyň soňy bolup, ýeňişli ýörişiň başlangyjy bolar. Beýleki bir tarapda-da köp wagtdan bäri ýeňilmän gelýän we çempionlyga-da ymtylyp başlan Lasio ýeňişli ýörişini dowam etdirmekçi. Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanjak oýun Türkmenistan sport teleýaýlymynda göni efirde berler.

Şeýle-de çärýek finalyň ýene bir duşuşygy, ol hem ertir (22-nji ýanwarda) Ýuwentus bilen Romanyň arasynda bolup, ol duşuşyk hem ýaýlymda görkeziler. 00:45-de başlanjak duşuşygyň faworiti hökmünde Ýuwentus görkezilýär. Bir oýun esasynda geçirilýän çärýek finalyň beýleki 2 duşuşygy – Milan–Torino hem-de Inter–Fiorentina duşuşyklary geljek hepdede oýnalar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň