Aşgabat we Türkmenabat döredijilikli şäher hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girmäge dalaşgär

15:2821.01.2020
0
2586

Türkmenistanyň iki şäheri — Aşgabat we Türkmenabat — 2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň döredijiliki şäherleriniň Hataryna goşulmagy niýet edinýärler. Bu ady almak üçin Aşgabat «Dizaýn», Türkmenabat bolsa «Senet we folklor sungaty» diýen ugurlar boýunça hödürleniler. Bu barada «Jeyhun.news» ORIENT saýtyna esaslanyp habar berýär.
Bu iki şäheriň döredijilikli şäherleriň Hataryna agzalygynyň ykrar edilmegi olary ösdürmegiň strategiýasynyň netijeliliginiň ýene bir subutnamasy bolar.
Häzirki wagtda ýer togalagynyň ilatynyň ýarysy, ýagny, dört milliard töweregi adam şäherlerde , ýaşaýar. Bu san yzygider artýar. ÝUNESKO bilim, ylym, medeniýet we ösüş ugurlarynda kadalaşdyrjy we gündelik işleriniň tejribesine daýanyp, aralaryndaky köp ugurly hyzmatdaşlygyň üsti bilen şäherleriň durnukly ösüşiniň derejesini ýokarlandyrmaga ymtylýar. ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriň Hatary — muny amala aşyrmagyň mehanizmleriniň biridir. Ol 2004-nji ýylda döredildi we şu güne çenli ähli yklymlaryň 72 ýurdunyň 180 şäherini özüne birikdirýär. Onuň esasy maksady şäheri howpsuz, durmuşa ukyply we durnukly etmek üçin döredijiligi we medeniýeti ösüş strategiýasyny esasyna goýmakdan ybaratdyr.
Hataryň çäklerinde agza şäherler özleriniň resurslaryny, tejribesini we bilimlerini umumy maksada ýetmek üçin birleşdirýärler, syýasaty we taslamalary işläp taýýarlamagyň üsti bilen ösüşiň umumy maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýarlar.

2019-njy ýylda Hatara gatnaşyjylaryň sanawyna 66 şäher goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň