«Ahal» Türkiýedäki ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny Gazagystanyň «Kyzyl-Žar» topary bilen geçirer

11:3221.01.2020
0
3272

«Ahal» futbol toparynyň wekilleriniň we Gazagystanyň «KazFootball.kz» neşiriniň habar bermegine görä, «Kyzyl-Žar» atly gazak topary şu gün «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahaly» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu duşuşyk Antalýanyň Belek şäherçesindäki «IC Santai» stadionynda bolar.

Biz ozal 21-nji ýanwarda, ýagny şu gün «Ahalyň» Rumyniýanyň «Politehnika Ýassy» topary bilen duşuşjakdygyny habar beripdik. Ýöne garşydaş topar bu duşuşykdan ýüz öwürdi. Şeýlelikde, «Ahal» Türkiýedäki ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny gazak topary bilen geçirer.

42 ýyllyk taryhy bolan «Kyzyl-Žar» Gazagystanyň Petropawlowsk şäherine wekilçilik edýär. Düzüminde bir döwürler Muslim Agaýew, Wladimir Baýramow ýaly türkmenistanly futbolçylar hem çykyş eden topar Gazagystanyň çempionatynda iki gezek kümüş, bir gezek bürünç medala mynasyp boldy. Geçen ýyl bolsa topar Birinji liganyň ýeňijisi bolup, ýene-de Premýer liga dolandy. «Kyzyl-Žar» täze möwsümde ýurduň iň güýçli toparlary bilen çempionlyk üçin ýaryşar. Toparyň häzirki düzüminde gruziýaly we gambiýaly legionerler hem bar.

«Ahalyň» 18-nji ýanwarda hem gazak topary bilen duşuşandygyny ýatladýarys. Düzüminde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow hem bolan «Irtyş» bilen geçirilen duşuşyk garşydaş toparyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

«Ahal» bilen «Kyzyl-Žaryň» arasyndaky duşuşygyň şu gün ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň