Soňky habarlar

Arhiw

Belarusda türkmen Bitaraplygynyň ýubileýine bagyşlanan duşuşyk boldy

17:2020.01.2020
0
4915

Ýakynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Minsk şäherindäki Belarus döwlet uniwersitetinde okaýan daşary ýurtly talyplar bilen duşuşdy we olaryň öňünde üstümizdäki ýylda giňden belleniljek türkmen Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk senesi mynasybetli çykyş etdi.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetli orny hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň halkara hukuk ýagdaýynyň mazmuny, esasy ugurlary hem-de ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy hakyndaky gürrüňler daşary ýurtly talyplarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Duşuşyga Belarus döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlary we halkara aragatnaşyklar müdirliginiň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler we innowasion bilimler boýunça prorektory, halkara gatnaşyklar fakultetiniň dekany hem-de «Transportnyý westnik» gazetiniň synçysy türkmen Bitaraplygy hakyndaky pikir-garaýyşlaryny aýtdylar we türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna, geljekki mümkinçiliklerine syn berdiler.

Gürrüňi edilýän uniwersitetde dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden 4 müňe golaý daşary ýurtly talyp okaýar. Olaryň 891-si türkmenistanly ýaşlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň