Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda awtomobil we demirýol köprülerine seljerme geçirildi

17:1820.01.2020
0
1176

17-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň çägindäki döwlet ähmiýetli awtomobil we demirýol köprüleriniň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara toparyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli awtomobil we demirýol köprüleriniň 582-si bar. Hasabatyň dowamynda hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijeleri barada hem habar berildi. Şeýle hem ýerli ähmiýetli köprülere seljerme geçirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir hatarda, çylşyrymly we ýokary halkara ölçeglerine gabat gelýän inženerçilik-ulag ulgamyna degişli desgalary gurmak hem-de şolary ulanmaga bermek boýunça ýokary netijeleriň gazanylandygyny nygtady.

Ähli amala aşyrylýan çäreler Türkmenistanyň durnukly ulag gatnaşyklary we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna güwä geçýär.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ulag-logistik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, häzirki zaman awtomobil we demirýol köprülerini, beýleki wajyp desgalary gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň ýaly desgalaryň gurluşygynda häzirki zaman usullary hem-de täzeçil tehnologiýalar ulanylmalydyr hem-de şolar inženerçilik-tehniki we ulanyş görkezijileri babatda köpri gurmagyň halkara kadalaryna doly kybap gelmelidir. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şolaryň gurluşygynda ylmy-barlag, geofiziki, geologiýa, inžener-tehniki we gurluşyk-gurnama işleriniň toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti köprüleriň gurluşygynyň sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bellenilen işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň