Kawani PSŽ-den gitmek isleýär

14:3720.01.2020
0
892

PSŽ toparynyň urugwaýly hüjümçisi Edinson Kawani toparyndan başga kluba transfer bolmak üçin rugsat soraýar. Bu barada PSŽ-niň sport direktory Leonardo gürrüň berýär. Ol: Kawani biziň klubumyzdan gitmek isleýändigini aýtdy. Kawaniniň bu islegine hormat goýýarys.  Atletiko topary onuň bilen içgin gyzyklanýardy. Ýöne baha meselesinde gaty bir ylalaşyp bilmedik. Ýöne muňa garamazdan, onuň fewral aýynda biziň oýunçymyz bolup-bolmajakdygyndan şübhe edýärin. Onuň tomusda şertnamasy tamamlanýar. Şonuň üçinem ony häzir satsak, gowy boljak” diýdi.

2013-nji ýyldan bäri PSŽ-de çykyş edip gelýän Edinson Kawani şu möwsümde parižlileriň düzüminde 9 oýunda 1 gezek tapawutlandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň