Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldonyň ýeňiş getiren gollary

14:2320.01.2020
0
758

Italiýanyň çempionaty A-Seriýada 20-nji tapgyrda 1 oýundan galany tamamlandy. Tablissanyň öňdebaryjysy Ýuwentus öz meýdançasynda Parmany kabul edip, super ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň 43-nji we 58-nji minutdaky gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şunlukda, Ronaldo 2020-nji ýyla geçip, çempionatda 3 oýunda 6 gol geçirdi.

Iki tapgyr ozalyň lideri Inter bassyr 2-nji gezek deňme-deň oýnap, çempionlyk ýolunda uly zyýan çekdi. Konteniň şägirtleri myhmançylykda Leççe bilen 1-1 deňme-deň oýnap, Ýuwentusdan 4 utuk yza galdy.

Ýylyň iň şowly çykyş görkezýän toparlaryndan Lasio öz meýdançasynda Sampdoriýany hem ýeňip, yzly-yzyna 11-nji ýeňşini gazandy. Sampdoriýanyň 5-1 ýeňen Lasionyň gollarynyň 3-sini Çiro Immobile öz adyna ýazdyrdy. Onuň şu möwsümde çempionatdaky gollarynyň sany 23-e ýetdi. Rim şäheriniň wekiliniň beýleki 2 pökgüsini bolsa, Felipe Kaisedo bilen Bastos derwezä girizdi.

Paýtagtyň beýleki topary Roma Genue şäheriniň beýleki topary Jenoa bilen duşuşyp, Ünder (5), Biraşi (44, ö.d.) hem-de Jekonyň (74) gollary bilen 3-1 ýeňdi.  

Zlatan Ibrahimowiçi transfer edeni bäri ýeňilmän gelýän Milan öz meýdançasynda Udinezeni soňky sekuntlarda ýeňmegi başardy. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan Milanyň gollaryny Ante Rebiç (48, 90+3) bilen Teo Hernandes (71) tora girizdi.

Juda şowsuz çykyş edýän Napoli topary täze tälimçisi Jennaro Gattusonyň tälimçiligindäki 5-nji duşuşygynda-da utuldy. Olar soňky tapgyrda öz meýdançasynda Fiorentinadan Kieza we Wlahowiçiň gollary bilen 2-0 asgyn geldi.

Serie A-da 20-nji tapgyr şu günki Atalanta-SPAL duşuşygy bilen tamamlanar. 00:45-de başlanjak duşuşyk “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda-da görkeziler.  

 

Serie A-da 20-nji tapgyryň netijeleri

Lasio 5:1 Sampdoriýa

Sassuolo 2:1 Torino

Napoli 0:2  Fiorentina

Milan 3:2 Udineze

Breşiýa 2:2 Kaliari

Leççe 1:1 Inter

Bolonýa 1:1 Werona

Jenoa 1:3 Roma

Ýuwentus 2:1 Parma

Atalanta ?:? SPAL

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň