Holandyň het-trigi

13:4720.01.2020
0
534

Germaniýanyň Bundesligasynda bir aýa golaý wagtlyk arakesmeden soň, möwsümiň 2-nji aýlawyna bagalda berildi. Geçirilen 9 oýnuň 6-synda myhmanlar ýeňiş gazandy.

Sanawyň lideri Leipsig öz meýdançasynda Ýunion Berlin toparyny 3-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Timo Werner 2 gol geçirip, Leipsigiň beýleki goluny-da Sabitser öz adyna ýazdyrdy.

8 goluň geçirilen oýnunda Dortmundyň Borussiýasy myhmançylykda Augsburgdan 5-3 üstün çykdy. Ýer eýeleri Niderlehner (34, 55) we Rihteriň (46) gollary bilen 3-1 öňe saýlansa-da, Borussiýanyň täze transferi Erling Holandyň oýna girmeginden soň, olara bu üstünligini saklamak başartdy. 20 minutda het-trik eden Holand (59, 70, 79) ilkinji duşuşygynda oýna soňdan goşulyp, 3 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Borussiýanyň beýleki gollaryny Brandt (49) bilen Jeýdon Sanço (61) derwezä girizdi. Holand şu möwsümde karýerasyndaky 6-njy het-trigini etdi.

Bawariýa myhmançylykda Herta Berlin bilen duşuşyp, 2-nji ýarymda ýyldyzlarynyň geçiren gollary bilen 4-0 ýeňiş gazandy. Mýunhenlilere ýeňiş getiren gollary Mýuller (60), Lewandowski (73 p), Alkantara (76) hem-de Perişiç (84) derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň, Bawariýa 2-nji orna beýgeldi. Tapgyryň açylyş duşuşygynda Şalkeden 2-0 ýeňlen Borussiýa M topary 3-nji orna düşdi.

 

Bundesligada 18-nji tapgyryň netijeleri:

Şalke 2:0 Borussiýa M

Düsseldorf 0:1 Werder

Köln 3:1 Wolfsburg

Maýns 1:2 Fraýburg

Hoffenhaým 1:2 Aýntraht

Augsburg 3:5 Borussiýa D

Leipsig 3:1 Ýunion Berlin

Herta Berlin 0:4 Bawariýa

Paderborn 1:4 Baýer

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň