Özbegistanyň olimpiýa ýygyndysy Aziýa çempionatynda (U-23) ýarym finala çykdy

22:2119.01.2020
0
5691

Özbegistanyň futbol boýunça olimpiýa ýygyndysy 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilýän Aziýa çempionatynyň çärýek finalynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysyny 5:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Bangkogyň «Rajamangala» stadionynda geçirilen duşuşykda Özbegistanyň olimpiýa ýygyndysynyň pökgülerini Ilhom Alijonow (16-njy minutda), Islom Kobilow (26-njy minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan), Oýbek Bozorow (41), Jasur Ýahşiboýew (84) we Nurillo Tuhtasinow (90+4) geçirdi. BAE-niň ýygyndysynyň ýeke-täk goluny 13-nji minutda Zaýda Al-Amiri geçirdi.

Özbek futbolçylary ýarym finalda 22-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi Tokio olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty Tailandda geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň