Özbegistanyň «Nawbohor» futbol kluby Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde üç sany ýoldaşlyk duşuşygyny meýillişdirýär. ― Häzir garşydaşlarymyzyň ikisi mälim: olar Türkmenistanyň «Ahal», Serbiýanyň «Rad» toparlarydyr ― diýip, «Nawbohoryň» baş tälimçisi Andreý Kançelskis klubyň metbugat gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
«Ahalyň» Antalýadaky OTÝ-y 31-nji ýanwarda tamamlanar. 21-nji ýanwarda Hojaahmet Arazowyň şägirtleri Rumyniýanyň «Politehnika Ýassy» topary bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
5-nji we 12-nji fewralda Gyrgyzystanyň «Neftçisi» bilen AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň çäginde duşuşjak «Ahal» bu jogapkärli duşuşyga güýçli depginde taýýarlyk görýär. «Ahal» ― «Neftçi» jübütleriniň ýeňijisi saýlama tapgyrynyň nobatdaky ädiminde Täjigistanyň «Hujandy» bilen duşuşar.