Soňky habarlar

Arhiw

Wahyt Orazsähedow «Nawbohoryň» türgenleşiklerine goşuldy

21:0319.01.2020
0
5418

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow 16-njy ýanwarda Özbegistanyň «Nawbohor» toparynyň türgenleşiklerine goşuldy. Bu barada ýurduň ýokary ligasynda ýaryşýan klubyň resmi saýty habar berýär. 

Futbolçy toparyň 10-njy ýanwarda başlanan türgenleşiklerine goşuldy. Egerde ol synaglardan üstünlikli geçse, topar bilen şertnama baglaşyp biler. Häzirki wagtda «Nawbohor» täze möwsümdäki esasy düzümi şekillendirmäge çalyşýar. Namangan şäherine wekilçilik edýän topar geçen möwsümi sekizinji orunda tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň