Soňky habarlar

Arhiw

Konor Makgregor Donald Serrony 40 sekuntda nakaut bilen ýeňdi

13:3819.01.2020
0
13300

Başa-baş söweş boýunça iralndiýaly pälwan Konor Makgregor amerikaly garşydaşy Donald Serrony bary-ýogy 40 sekundyň dowamynda nakaut bilen ýeňdi. ABŞ-nyň Las-Wegas Ştatyndaky «T-Mobile» sport toplumynda bolan tutluşyk UFC 246-nyň çäginde geçirildi.

Konor Makgregor eýýäm tutluşygyň başyndan ýiti hüjüme geçdi we 40-njy sekuntda Donald Serrony nakaut bilen ýeňip, uly mukdardaky pul baýragynyň eýesi boldy. Şeýlelikde, karýerasynda bary-ýogy dört gezek ýeňlen Makgregor 22-nji ýeňşini gazandy.

Bu tutluşyk Habib Nurmagomedow bilen bolan jenkenlli tutluşykdan soňra Makgregoryň 15 aýlyk arakesme bilen geçiren ilkinji tutluşygydyr. Onuň netijesi ozal 36 gezek ýeňiş gazanan Serron üçin 14-nji utulyşa öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň