Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslama enjamyny oturtmaga girişildi

11:1419.01.2020
0
1129

Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) BAE-den WTL (FZE) we ABŞ-dan “Westport Trading Europe Limited” kompaniýalar konsorsiumy haýal kokslama enjamyny (HKE) oturtmaga girişdi.

“Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiriniň ýazmagyna görä, HKE-niň gurluşygyny tamamlamaga bäsleşigiň ýeňijisi, baş potratçy – ABŞ-nyň kompaniýasy – türkmen nebit-gaz pudagynda gowy tanalýan kompaniýadyr. Ol ýylda 37,2 müň tonna ýokary hilli ýol bitumyny öndürýän enjamy işe girizipdi we Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli benzin almak üçin riforming enjamynyň durkuny täzelipdi. TNGIZT-de ol iki enjamdan – haýal kokslama we gudrony deasfaltlaýjy enjamlardan ybarat toplumy gurar. Olaryň esasy wezipesi –gudronyň we mazutyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekdir.

Täze enjamyň lisenziary we taslamasyny taýýarlaýjy - pudakda öňdebaryjy Foster Wheeler kompaniýasynyň oturdýan enjamynyň taslama kuwwatlylygy ýylda 900 müň tonna önüm çykarmaga niýetlenendir. Onda nebit koksundan başga-da, goşmaça arassalanyndan soň eksporta gidýän suwuklandyrylan harytlyk gaz almak üçin enjama geçirilýän suwuklandyrylan nebit gazy öndüriler.

HKE-de öndürilýän koks A-80 belgili benzin öndürmekde komponentdir ýa-da ýokary oktanly benzin almak üçin çig mal hökmünde ulanylyp bilner. Ýeňil koks gazoýly şeýle hem, Ýewro-5 ölçegli awtomobil ýangyjy alynýan dizel ýangyjyny gidroarassalaýjy enjama geçiriler. Agyr koks gazoýly bolsa zawodda işledilýän katalitik kreking enjamy üçin çig mal bolar.

Mazutyň wakuum usulda gaýtadan işlenilmeginiň galyndysy kuwwatlylygy 500 müň tonna bolan gudronyň deasfaltizasiýasy enjamy üçin çig mal bolup hyzmat eder. Ondan ýokary şepbeşikli ýaglary öndürmekde ulanylýan önüm, şeýle hem hereket edýän katalitik kreking enjamy üçin çig mal öndüriler.

Geljekde özboluşly sypatlary bilen esasan metallurgiýada ulanylýan has güýçli grafitirlenen elektrodlary öndürmäge mümkinçilik berýän çig mal – iňňeşekil koks öndürilýän goşmaça seksiýany işe girizmek üçin täze enjamy aňryçäk derejede ulanmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Täze nebit önüminiň çykarylmagy Türkmenistana Hindistanda, Hytaýda, ÝB, GDA ýurtlarynda we dünýäniň beýleki sebitlerinde islegli ýokary hilli haryt bilen halkara bazaryna çykmaga mümkinçilik berer.

Şeýlelik bilen, täze enjam TNGIZT-de nebtiň 10-20 göterim çuňňur gaýtadan işlenilmegini artdyrmaga mümkinçilik bermek we has gymmat bahaly açyk reňkli nebit önümleriniň çykarylyşyny üpjün etmek bilen önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga ukyplydyr.

Taslamany taýýarlaýjylaryň teklibi bilen enjamyň gurluşygynda nebti gaýtadan işlemekde we enjam önümçilginde liderleriň öňdebaryjy tejribesi ulanylar. Hususan-da, reaktorlary koksy düşürmäge taýýarlamakda gol zähmetini aradan aýyrýan koks kameralarynyň ýokarky we aşaky gapaklarynyň awtomatiki usulda açylyp-ýapylyşy göz öüňnde tutulypdyr.

2022-nji ýylda gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýan täze enjamyň işe girizilmegi bilen TNGIZT-de nebit koksunyň, benziniň, suwuklandyrylan gazyň we ýokary hilli ýol bitumynyň çykarylyşy artdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň