Soňky habarlar

Arhiw

«Skaýranning» boýunça 2019-njy ýylda Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan belli edildi

09:5919.01.2020
0
2005
«Skaýranning» boýunça 2019-njy ýylda Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan belli edildi

Geçen ýyl paýtagtyň «Agama» alpinizm kluby skaýranning boýunça ýaryşlaryň birnäçesini gurnapdy. Häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça Türkkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri belli boldy.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda, tejribeli alpinist, köp sanly halkara baýraklaryň eýesi Alekper Ahmedow ýeňiji boldy. Zenanlaryň arasyndaky ýeňiş bolsa Anastasiýa Loskarýewa miýesser etdi.

Erkekleriň arasynda ikinji orny Agadurdy Hydyrow eýelän bolsa, zenanlaryň arasynda bu orna Gözel Ataýewa mynasyp boldy.

Şeýle hem ýaryşyň üçünji orunlaryna Sergeý Arhipow bilen Zlata Medwedowa mynasyp boldy.

Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda kubok gowşuryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň