Soňky habarlar

Arhiw

Daşkendiň «Pahtakory» Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi bilen şertnama baglaşdy

17:5418.01.2020
0
4556

Özbegistanyň «Pahtakor» futbol kluby Şweýsariýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Eren Derdiýok bilen iki ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada «Championat.asia» habar berýär.

Hüjümçiniň täze topary bilen ilkinji duşuşygyna 10-njy fewralda AFK-nyň Çempionlar ligasynda BAE-niň «Al-Ahli» toparynyň garşysyna çykmagyna garaşylýar.

31 ýaşly hüjümçiniň iň soňky çykyş eden topary Türkiýäniň «Göztepesidir». Ol topar bilen 9 duşuşyga çykyp, şolarda üç gezek tapawutlandy. Oýunçynyň «Transfermarketdäki» bahasy 350 müň ýewrodyr.

Eren Derdiýok dürli ýyllarda «Baýer», «Hoffenhaým», «Galatasaraý», «Göztepe», «Kasympaşa» ýaly toparlaryň köýnekçesini geýdi. Ol «Pahtakoryň» häzirki baş tälimçisi Şota Arweladzeniň ýolbaşçylygynda Türkiýänyň «Kasympaşasynda» futbol oýnapdy.

Şweýsariýanyň milli ýygyndysynda 60 duşuşyk geçiren hüjümçi şolarda 11 geze tapawutlandy. Ol milli ýygyndynyň düzüminde 2008 we 2016-njy ýyllarda Ýewropa, 2010-njy ýylda dünýä çempionatyna gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň